Ermenistan Marsa uçmak üçin taýýarlyk merkezi bolar

Ermenistan Marsa uçmak üçin taýýarlyk merkezi bolar

Ermenistan Gyzyl planetany barlamak üçin merkez bolar diýip, MIR 24 habar berýär.

Munuň sebäbi Respublikanyň çäginiň käbir ýerleri Marsyň üstüni ýatladýar. Adamlaryň nabelli planeta gonmagy üçin bolsa, enjamlarydyr tehniki ulgamy Ýerde synagdan geçirmek gerek. Kosmos barlaglarynyň şeýle synanyşygyny 2024-nji ýylyň martynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin eýýäm topar döredildi. Häzir käbir ýerlerde synaglar alnyp barylýar. Ermenistandaky bu maksatnama uzak möhletleýin bolar diýlip meýilleşdirilýär: munuň üçin baza gurlar, ol geljekde hem okuw we ylmy maksatnamalar üçin ulanylar diýip, ýurduň Innowasiýalar we telekeçilik boýunça milli merkeziniň baş direktory Aýk Margarýan gürrüň berýär.

Bu ugurda eýýäm Awstriýanyň kosmos forumynyň hem-de Ermenistanyň Aerokosmos forumynyň arasynda memoranduma gol çekildi. Taslama 20 döwletden, şol sanda Ermenistandan hem alymlar gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

NASA Marsda bir ýyllyk durmuş synagyny tamamlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Innowasiýa esaslanýan durnukly ösüşiň ekologiýa bilen sazlaşygy
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenanlar dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy
Ösüşleriň ýoly bilen
Iş Nokady Marynyň ýaşaýjylaryny XXI asyrda işewürlik we IT-bilimi atly işewürlik maslahatyna çagyrýar