“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”

“Ermenistan Eden Etmişleri Üçin Ötünç Soramaly”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlyk döwründe topraklarynda ekalogiýa, şäherlere we medeni gymmatlyklara uly zeper ýetirendigini nygtap, “Ermenistan eden ähli etmişleri sebäpli ötünç soramaly” diýdi.

Aliýew, paýtagt Bakuda geçirilýän Halkara Ombudsmenler forumyna gatnaşyjylara ugradan ýüzlenmesinde, Azerbaýjanyň özygtyýarlyk we kanuny ulgamyny doly ýola goýandygyna ünsi çekdi.

Aliýew, Ermenistanyň 30 ýyla golaý wagt bäri halkara hukugyna, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň we beýleki guramalaryň kararlaryna äsgermezçilik edip Azerbaýjanyň territoriasyny basyp alyşlyk astynda tutandygyny, basyp alyşlyk sebäpli 1 milliondan gowrak azerbaýjanlynyň öýüni terk edendigini ýatlatdy.

Ermenistanyň 30 ýyllyk basyp alyşlygynyň agyr netijeleriniň henizem dowam edýändigini, ynsanlaryň durmuşy we daşky gurşaw üçin howply bolmagynda galýandygyny nygtan Aliýew, ýüzlenmesinde “Ermenistan uzak dowam eden basyp alyşlygy döwründe şäher, ekalogiýa we medeni taýdan uly gyrgynçylyk etdi.

Topraklarymyza we derýalarymyza uly zeper ýetirldi, topraklarymyz ýok edildi, şäherlerimiz we obalarymyz ýykyldy.Topraklarymyza mina goýuldy.Dini we medeni gymmatlyklarymyz ýer bilen ýegsan edildi.Ermenistan Y Garabag söweşinde dereksiz ýitenler we köpçüklikleýin mazarlaryň ýerleri hakynda maglumat bermegi kabul etmeýär.

Ermenistan eden jenaýatlary sebäpli ötünç soramaly” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Hamas: "Hukuklarymyzy almasak durnuklylyk bolmaz" diýdi
Gallam bar tyllam bar
Alymlar Aýyň topragynda ösümlik ösdürip ýetişdirdiler
Zelenskiý: "Russiýa garşy sanksiýalar Buçadaky harby jenaýat bilen proporsional bolmaly" diýdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi