Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere ot açdy

Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere  ot açdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi Ermenistanyň goşunyna degişli birikmeleriň Nahiçewan Awtonom Reslublikasyndaky Azerbaýjana degişli ýerlere ot açandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, düýn ýerli wagt bilen sagat 19:35-de Nahiçewan Awtonom Respublikasynyň Ordubat welaýaty ugrunda liniýalara Ermenistanyň harby birikmeleri tarapyndan ot açylandygy mälim edildi.

Beýanatda Azerbaýjanly esgerleriň hem ot açyp garşylyk görkezendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere ot açdy
Azerbaýjan Nahiçewanda Harby Türgenleşik Geçirdi
Ermenistanly esgerler Azerbaýjana degişli ýerlere ot açdylar
Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açyldy
Nahiçewanda Bolan Partlamada 2 Adam Ýogaldy
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary