Ermeni halkynyň žiwopis we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde ermeni nakgaşlarynyň onusynyň suratlarynyň reproduksiýasy görkezildi.Dünýä belli nakgaş Martiros Sarýanyň döredijilik mirasyna syn etmek türkmen žiwopis muşdaklaryna uly sowgat boldy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýan Martiros Sergeýewiçiň dört işiniň asyl nusgasy Ermenistanyň wekilleri üçin garaşylmaýan ýagdaý boldy.

Olaryň ýurdumyza düşmeginiň öz taryhy bar.Ir döwürde, baryp 1934-nji ýylda Martiros Sergeýewiç Türkmenistanda döredijilik saparynda bolýar.Aşgabatda bolan wagty ol eli molbertli şäheriň etegine aýlanýar.

Ol Änew metjidiniň suratyny çekýär.Surat Türkmenistanyň arheologlary, rejeleýjileri we taryhçylary üçin bahasyna ýetip bomajak resminama bolup hyzmat etdi, sebäbi Aşgabat ýer titremesinden soň bu gadymy binagärlik ýadygärliginiň diňe girelgesi abat galýar.

Sarýanyň beýleki üç suratynda Bagyr obasynyň töwereginiň manzarlary şeillendirilipdir.Ussadyň işlerinden Watanym eserler tapgyryndan has täsirli işlerinden Ermenistan we Lýusik Sarýanyň portreti suratlaryny bellemk gerek, olaryň soňkusynda Martiros Sergeýewiç öz aýalyny şekillendiripdir.

Ermeni žiwpoisçileriniň eserleri bilen tanyşlyk aşgabatlylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.Oba ilatynyň durmuşyny beýan edýän Grigor Hanjanyň Bagtly ýol we Mger Agabegýanyň Günortan çagy hem-de Hasyl ýygymy atly suratlary ýiti reňkleri, terligi we durmuşa söýgüsi bilen tomaşaçylara täsir edýär.

Minos Awetisýanyň Ýatlama atly işinde nepis çeperlik we many çuňlugy duýulýar, onuň gahrymanlary ýüzi-gözi gussaly iki zenan ýag çyranyň ýagtysyna wagt geçirýärler.Mariam Aslamazýanyň Gahrymanyň gaýdyp gelmegi atly suratyna tomaşa edenlerde onuň keýpiçag manzaryna kybapdaş şatlyk duýgusy döreýär.

Döwlet Çeperçilik akademiýasynda Ermenistanyň halk-haşamy sungaty boýunça ussatlyk sapagy berildi.Ony Terýan Medeni merkeziniň ýolbaşçysy Lilit Melikýan, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, dosent, nakgaş-dizaýner Lilit Fijýan we nakgaş-dizaýner Anim Simonýan geçirdiler.

Talyp ýaşlarymyz çeper elli ermeni zenanlarynyň döredýän halylarynyň keşdeleri bilen tanyşdylar we haly dokamak ýörelgeleriniň meňzeşligini bellediler.Türkmen gyzlary maraş ermeni keşde çekmek usulyna gyzyklandylar, ýassyjyklardyr desmallar bu usulda çekilen nagyşlar bilen bezelipdir.

Biziň tahýalarymyza kybapdaş kasak başgabyny erkeklerem, zenanlaram geýýärler.Gyzlar kasagyň üstünden aňrysy görnüp duran matadan şarf daňýarlar.Aýratyn dabaraly ýagdaýlarda ermeni gözelleri başyna mahmal matadan tikilen we güller bilen bezelen halka geýýärler.

Käte oňa dakylan altyn teňňeler jenanyň maňlaýyna düşün dur.Ol türkmen gyzlalrynyň gupbasyny ýada salýar.Azam bolsa, özüne çekijji külalçylyk önümleri türkmen külalçy-nakgaşalryň ünsüni özüne çekdi.

Olaryň arasynda göz degmekden goraýan owadan açkyplynk has-da özüne çekýär.Goç şahy şekilinde ýasalan şerap guýulýan gap hem üýtgeşik gyzyklanma döretdi.Ermeni külalçylygynda goýy reňk ýoň bolan tilsimdir, ol Lilit Fijýanyň aýtmagyna görä, gap taýýar bolan soň ol gaýtadan bişirilýär.

Ussatlyk sapagy gidip durka Çeperçilik akademiýasynyň talyby Gyzylgül Hudaýberenowa Lilit Melikýanyň grafiki portretini çekdi.Ol Lilite sowgadyny gowşuranda myhman muňa geň galdy, oňa ajaýyp işi üçin minnetdarlyk bildirdi we ýaş türkmen nakgaşlarynyň zehinine sarpa goýýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Agama” alpinistler kluby 25 ýyllygyny belleýär
Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir
09.11.2018 | 2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy
2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy
Üstünliklere beslenen çempionat