Erling Holann taryhy rekordy täzeledi

“Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holanny durzup bolanok. “Mançester Sitiniň” 28-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda “West Hamy” 3-0 ýeňen oýnunda 22 ýaşyndaky hüjümçi 1 gol geçirdi.

Ol bu goly geçirmek bilen taryhy rekordy täzeledi.Bu onuň şu möwsümde geçiren 35-nji goly bolup, Holann “Premier Ligada” bir möwsümde iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde taryha girdi.

Ol bu ugurda Endi Koulyň (1993/94) hem-de Alan Şireriň (1994/95) 42 duşuşyk geçirilýän döwürlerde salan 34 gol rekordyny täzeledi. Şeýle-de, Angliýanyň ýokary ligasynda soňky gezek bir futbolçy 1966/67 möwsüminde 35-den köp gol geçiripdi. Şol möwsümde Ron Dewis 37 gol geçiripdi.

Şeýle-de, Erling Holannyň şu möwsümde umumylykda geçiren gollarynyň sany 51-e ýetdi. 45 oýunda 51 gol geçiren Holanndan öň Angliýada diňe 3 futbolçy 50 gola ýetipdi.

Wiktor Watson (1919/20) bilen Tom Woring (1930/31) bir möwsümde ähli ýaryşlarda 50 gol geçiripdi.Bu ugurda rekord 63 gol bilen “ewertonly” Diksi Dine degişli bolup, ol 1927/28 möwsüminde 63 gezek tapawutlanypdy.

Ýene degişli makalalar

92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
IBM emeli aň platformasyny tanyşdyrdy
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine halkara güwänamalaryň bäşisi gowşuryldy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY DESGANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Täze Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine 5 sany halkara güwänama berildi