Erkeklerde-de, zenanlarda-da italýanlar altyn medala mynasyp boldy

Tokio 2020-de ýeňil atletikanyň iň kyn ýaryşlarynyň biri 20 kilometr ýöriş bäsleşikleridir. Bu gezek erkeklerde-de zenanlarda italiýaly türgenler ýeňiş gazandy. Erkekleriň arasynda Massimo Stano pellehana 1 sagat 21 minut 05 sekunt gelip, altyn medala mynasyp boldy. Ýaponiýaly Koki Ikeda hem-de Toşikazi Ýamanişiden öňe saýlanan Stano bu ugurda ýeňiş gazanan 2-nji italiýaly türgendir.

Zenanlaryň arasynda italiýaly Antonella Palmasino 1 sagat 29 minut 12 sekuntda pellehanadan geçip, münberiň çür depesine çykdy. Kolumbiýaly Sandra Arena 2-nji, hytaýly Liu Hon 3-nji ýeri eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Meşhur futbolçynyň ogly ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy
“Ýuwentusa” taryhy jerime 15 utugy aýryldy
Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş
Iň gymmat “milanly” hem-de italiýaly futbolçy boldy
Ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Italiýaly ýaş futbolça 7 aý jerime berildi