Erkek kişi burny bilen çalt harp ýygmakda rekord goýdy

Erkek kişi burny bilen çalt harp ýygmakda rekord goýdy

Hindistanly erkek kişi burny bilen klawiaturada çalt hat ýazmakda dünýä rekordyny goýdy diýip, UPI neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Winod Kumar Çoudhari diýen 44 ýaşly erkek kişi kompýuteriň düwmelerinde tutuş iňlis elipbiýini 25 sekuntda ýazyp, özüniň öň goýan rekordyny 1 sekunt tapawut bilen täzeledi.

Meniň kärim kompýuterde hat ýazmak bilen bagly bolansoň, şeýle rekord goýmak kararyna geldim diýip, Çoudhari gürrüň berýär.

Winod türgenleşmegini dowam edip, netijesini has-da gowulandyrjakdygyny aýtdy. Onsoňam maşgalasy Winodyň üstünligine guwanýar hem-de onuň öz zehini bilen dünýäni ýene-de aňk etjekdigine ynanýar.

Ýene degişli makalalar

Erkek kişi burny bilen ýalt harp ýygmakda rekord goýdy
Akşaý Kumar kinoçylary batyrýar
Ykdysady forum geçirildi
Balkan Aýdym-Sazynyň Ussady Bregowiç Ankarada Konsert Berdi
Filmfare 2024 baýraklary gowşuryldy
Rus diline täze üç söz girizildi