Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary

Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary

2013-nji ýylda Müsürde guralan harby agdarlyşyga Türkiýäniň berk garşylyk görkezmegi sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar iňňän dartgynlaşyp, Gündogar Ortaýer deňizi we Liwiýa ýaly meselelerde-de uly düşnüşmezlikler ýüze çykdy.

Emma soňky ýyllarda taraplar gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin başlangyçlar etmäge başladylar.Erdoganyň we Sisiniň Katarda ilkinji duşuşygyndan soň indi Erdogan Kaire sapar etdi. İki ýurduň gatnaşyklary kadalaşýarka umumy bähbide degişli ugurlar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Setanyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýaris.

Müsürde guralan agdarlyşyk Türkiýe-Müsür gatnaşyklaryna çuňňur täsir ýetiripdi.Prezident Erdoganyň liderlik etmeginde Türkiýe Müsürdäki harby agdarlyşyga belkem dünýäde iň berk reaksiýa bildiren ýurt boldy.Iki ýurduň gatnaşyklary düýpli gowşap, ençeme möhüm meselede garşy durmalar başlady.

Taraplaryň arasynda hamala diýersiňiz birek-birege zyýan ýetirme tagallasyna girişildi.Gündogar Ortaýer deňizinde, Liwiýada we ýene-de ençeme ýerde bu dartgynlygyň täsirini görmek mümkin.Emma iki ýurt hem sebitleýin dartgynlyklar we howplar bilen ýüzleşenden soň bu dartgynlygy artykmaç dowam etdirmezlik hakynda netijä geldiler.

Aslyna garalanda Türkiýe soňy birnäçe ýyldan bäri sebitleýin kadalaşma paradigmasy bilen düşnüşmezligi bolan ýurtlar bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrma ýoluny saýlap aldy.Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri olaryň başyny çekip, Türkiýe-Müsür gatnaşyklaryna hem ýeňillik döretdiler.

Türkiýe bilen Müsüriň arasynda tehniki derejede gepleşikler geçiren wekiliýetler döredildi.Soň Erdogan we Sisi Katardaky futbol diplomatiýasy bilen duşuşyp, ilkinji gezek görüşdiler.Soň bolsa Erdogan uly wekiliýet bilen Kaire sapar gurady.

Müsür taýdan ser salynanda esasanda dowam edýän ykdysady çökgünligiň agyr şertleri ýüze çykarandygyny görýäris.Ilki pandemiýa, soň Ukraina-Rus söweşi Müsüre ýaramaz täsir ýetirdi. Şeýle hem Ysraýylyň Gaza hüjümleri we onuň ýüze çykarjak ýaramaz täsirleri hem Müsüriň ykdysadyýetine düýpli zyýan ýetirdi.

Husileriň Gyzyl deňizi ýapmagy bolsa şertleri hasam agyrlaşdyrdy.Onsuz hem ynjyk bolan harby goşunyň gigeomoniýasy astyndaky Müsüriň ykdysadyýeti agyr daşarky karz meselesine sezewar.Halkara pul gaznasy bilen gepleşikler hem kadaly däl.

Müsüriň halky agyr şertlerde ýaşaýar.Müsür bir tarapdan hem Afrikada dowam edýän içerki çaknyşyklara garşy göreşýär.Sudan olaryň başyny çekýän ýurtlardan biri.Efiopiýanyň gysyş ediji pozisiýasy, Ronesans bendi arkaly Müsüriň suw üpjünçiligine wehim salmagy bolsa başga mesele.

Ysraýylyň Gaza hüjümleri sebäpli gazalylary Sina göçürmeği Müsüriň milli howpsuzlygyna wehim salýar.

Ine şeýle konýenkturada Müsüriň Türkiýäniň dostlugyna we strategik ýaranlygyna zerurlygynyň bardygyny aýtmak ýerliksiz bolmaz. Türkiýe taýdan bolsa Müsür esasy hyzmatdaş. Afrika açylýan gapylardan biri, Gündogar Ortaýer deňizi we Liwiýa syýasaty üçin uly ýaranlyk potensiala eýe. Iki ýurt, hem söwda hem geosyýasy bähbitler taýdan birek-biregi tamamlaýyjy aýratynlyga eýe.

Şeýlelikde taryhy gatnaşyklar, halklaryň arasyndaky simpatiýa we umumy bähbitleriň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gaýtadan strategik ýaranlyk derejesine göterilmegi üçim möhüm katalizator boljakdygyny görmek mümkin. Erdoganyň Kaire sapar bu paradigmany konkretleşdiriji häsýete eýe.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň Afrika ýurtlaryna eksporty artýar
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar