
Prezident Erdogan: "Soňky 3 ýylda alyp barýan işjeň diplomatiýa üns berilende Russiýa bilen Ukrainanyň we Amerikanyň arasynda öňümizdäki döwürde amala aşyrylmagy ähtimal gepleşikler üçin ýurdumyz örän gowy öý eýesi bolar" diýip belledi.
Türkiyäniň Prezidenti Erdogan Prezidentiň kompleksinde Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen gepleşikler geçirdi.
Metbugata ýapyk görnüşde geçirilen duşuşykdan soň, günortanlyk iş nahary, gol çekilşik we metbugat ýygnagy geçirildi.
Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, Ukrainanyň territorial bütewiliginiň tarapdarydyklaryny belläp: "Türkiye hökmünde bu meselä hormat goýandygymyzy hemme ýerde mälim etdik. Ukrainanyň territorial bütewiligine uly ähmiýet berýäris. Özygtyýarlylygyna uly ähmiýet berýäris. Parahatçylykda utulan bolmaýar. Häzirki wagtda bütin dünýä Russiýa-Ukraina arasyndaky bu uruşda indi parahatçylyga garaşýar" diýip belledi.
4 ýyl doljak Russiýa-Ukraina urşunda ýogalan adamlar zerarly Ukraina gynanç bildiren Türkiyäniň Prezidenti, Zelenskiýniň saparynyň Ukrainadaky uruşyň esasy dinamikalarynda möhüm üýtgeşmelere dalaşgär bolan bir döwürde amala aşyrylandygyny habar berdi.
Ýetilen soňky tapgyrda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Russiýa-Ukraina urşunyň gepleşikler arkaly we tiz wagtda bes edilmegi üçin başladan diplomatik başlangyçlarynyň, Türkiyäniň soňky 3 ýylda alyp barýan syýasat bilen kesişýändigini aýdan Erdogan: "Soňky 3 ýylda alyp barýan işjeň diplomatiýa üns berilende Russiýa bilen Ukrainanyň we Amerikanyň arasynda öňümizdäki döwürde amala aşyrylmagy ähtimal gepleşikler üçin ýurdumyz örän gowy öý eýesi bolar" diýip nygtady.
Erdogan: "Ukrainanyň territorial bütewiligi üçin göreş alyp barýan Krym tatar kowumdaşlarymyzyň hukuklary babatynda hormatly dostum Zelenskiýniň edýän gaýduwsyz ädimlerini takdyr edýändigimi nygtamak isleýärin, mundan soň hem goşmaça ädimleriň edilmegini umyt edýärin" diýdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bolsa öz gezeginde: "Gatnaşyklarymyz hemişeki ýaly ýokary derejede, şol sebäpli Hormatly Prezident Erdogana we ähli türk halkyna minnetdarlyk bildirýärin. Türkiye Ukrainanyň territorial bütewiligi we özygtyýarlylygy babatynda gaty prinsipial pozisiýa eýeledi" diýip habar berdi.
Zelenskiý: "Türkiye hem esgerlerimiziň hem asuda ilatymyzyň azat edilmegi üçin ýeňillikler döretdi" diýdi.
Ukrainanyň Prezidenti Riýatda geçirilen Russiýa-ABŞ gepleşikleri bilen bagly bolsa: "Bu biziň üçin garaşylmadyk waka boldy. Ony habar beriş serişdelerinden öwrendik" diýip belledi.