Erdogan Ysraýyla Berk Reaksiýa Bildirdi

Erdogan Ysraýyla Berk Reaksiýa Bildirdi

Erdogan Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň Gaza Sektorundaky urşy bütin sebite tutaşdyrma maksatnamasynyň uly betbagtçylyga sebäp boljakdygyny nygtap; “Oňa ýol bermäliň” diýdi.

Erdogan iki hepde mundan ozal Ispaniýa we Italiýa guran saparlarynda gazalylara edilýän zulmy gün tertibine getirendiklerini, Palestinada basyp alyş we gyrgynçylyk syýasaty dowam etdigi saýyn dünýäniň haýsydyr bir ýeriniň howpsuz bolmajakdygyny aç-açan beýan edendigini aýtdy.

Ysraýylyň lälikligine we hukugy äsgermezlişgine beriljek iň ýerlikli jogabyň Palestina döwletiniň ykrar edilmegi bolandygyny nygtandyklaryny ýatladan Prezident Erdogan: “Norwegiýanyň, İrlandiýanyň we Sloweniýanyň eýelän wyždanly pozisiýalarynyň Ýewropa görelde bolmagyny arzuw edýäris. Premýer-ministr Hormatly Paşinýanyň liderliğinde Ermenistanyň hem Palestina döwletini ykrar etmek hakyndaky kararyna kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Kabul edilen we yglan edilen kararlar bilen 149-a ýeten Palestinany ykrar etme başlangyçlarynyň möhümdigini beýan eden Erdogan, bu sany artmagy üçin aragatnaşyklaryny dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

Erdogan Türkiýäniň doganlyk Liwanyň halkynyň we döwletiniň ýanynda durýandygyny nygtady we sebitdäki beýleki ýurtlary hem Liwan bilen arkalaşyga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi
Dünýä Gazada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy