Prezident Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde Ýokary Harby Şura maslahatyna ýolbaşçylyk etdi.
Prezident Erdogan Ýokary Harby Şuranyň maslahatynda kabul edilen kararlary tassyklady.
Karara laýyklykda Baş ştabyň başlygy wezipesine 2-nji Goşunyň serkerdesi general Metin Gürak bellendi.
Guryýer güýçleriniň serkerdesi wezipesine Baş ştabyň başlygynyň 2-nji orunbasary general Selçuk Baýraktarogly, Harby-howa güýçleriniň serkerdesi wezipesine Söweşjeň awiasiýanyň serkerdesi general Ziýa Jemal Kadyogly bellendi.
Ýokary Harby Şuranyň karary bilen 2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda 32 generalyň we admiralyň çini ýokarlandyrylar, 63 polkownik bolsa general we admiral wezipesine ýokarlandyrylar.