Erdogan we Tokaýew metbugat ýygnagyny geçirdiler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýe-Gazagystan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 4-nji maslahatyna we Aziýada hyzmatdaşlyk we ynamy artdyryjy çäreler konferensiýasynyň 6-njy maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki Akorda Prezident köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Iki lider geçiren ikiçäk duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.

Ikiçäk duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ähli taraplaýyn maslahatlaşandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Gatnaşyklarymyzyň ýokary derejesi halklarymyzyň arasyndaky dil, din gatnaşyklaryndan güýç alýar. Gazagystanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biridiris" diýip belledi.

Tokaýewiň maý aýynda Türkiýä guran saparynda 14 ylalaşyk resminamasynyň baglaşylandygyny ýatladan Prezident Erdogan, şu gün bolsa ýene-de 6 ylalaşyk resminamasynyň baglaşylandygyny, şol ylalaşyklaryň gatnaşyklara täze itergi berjekdigini beýan etdi.

Erdogan: "Orta Koridoryň özgerdilmegi başda bolmak bilen transport we energetika ugurlarynda gatnaşyklarymyzy berkitmek üçin iş salyşmaga dowam ederis. Türk dünýäsiniň integrasiýasy bilen bagly täze ädimler ederis" diýip mälim etdi.

Tokaýewiň liderliginde alynyp barylýan özgertme işleriniň doganlyk gazak halkynyň asudalygyna we abadançylygyna goşant goşjakdygyny aýdan Erdogan, şol tagallalary goldap, üstünlikler arzuw etdi.

Gazagystan bilen raýdaşlygyň ähmiýetini belläp geçen Erdogan: "Sebitleýin we global hadysalar türk dünýäsi taýdan ýakyn raýdaşlygy has hem güýçlendirmegi zerur ýagdaýa getirýär. Özgerdilen strategik hyzmatdaşymyz bolan doganlyk Gazagystanyň howpsuzlygyna, durnuklylygyna, territorial bütewiligine we abadançylygyna uly ähmiýet berýärin" diýip nygtady.

Maslahatyň ahyrynda Prezident Erdogana Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew tarapyndan "1-nji derejeli Dostlyk medaly" gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Gazagystanyň prezidenti tarapyndan kabul edildi
ABŞ Maduronyň uçaryny elinden aldy
Funikulýar: daga çykýan otlular
Tokaýew: "Orta Aziýanyň ähmiýeti artdy" diýdi
Ronaldo karýerasyndaky iň gowy futbolçynyň adyny aýtdy
Öz rekordyny täzeledi