Erdogan Waniköý Metjidiniň Açylyşyna Gatnaşdy

Wani Mehmet Efendi tarapyndan 1665-nji ýylda gurdurylan we halk arasynda Waniköý metjidi atlandyrylýan Wani Mehmet Efendi metjidi Prezident R.T.Erdoganyň gatnaşmagndaky dabara bilen ybadata açyldy.

Preizdent Erdogan Stambulda abatlaýyş işleri tamamlanan metjidiň açylyş dabarasynda sözlän sözünde 2,5 ýyl ozal bolan ýangynda agyr zeper ýeten 358 ýyllyk Waniköý metjidiniň dolulygyna özbolyşly materillar bilen gaýtadan dikeldilendigini aýtdy.

Metjitdäki Hünkar köşküniň ýerzemin gatynyň kitaphana hökmünde raýatlaryň ulanmagyna berilendigini aýdan Erdogan, abatlaýyş işlerinden soň gaýtadan ybarata alyçan Waniköý metjidiniň Stambula düşümli bolmagyny arzuw edip, zähmet çekenlere sagbolsun aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek G-20-niň Maliýe Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşar
Ministr Şimşek Katarly Maýadarlar Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Mustafa Ali Mehmet
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy