Erdogan UEFA-nyň Merih Demiral Hakynda Derňew Işini Başlatmagyna Reaksiýa Bildirdi

Prezident R.T.Erdogan Ýewropa futbol çempionadynyň EURO 2024-iň 16 turnirinde Awstriýa bilen oýnalan bäsleşigindäki “böri” belgisi sebäpli milli futbolçy Merih Demiral hakynda derňew işini başlatmagyna reaksiýa bildirdi.

Prezident Erdogan Gazagystana saparyndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

UEFA-nyň “böri” belgisi sebäpli milli futbolçy Merih Demiral hakynda derňew işini başlatmagyna reaksiýa bildiren Erdogan; “Nemesleriň formasynda bürgüt bar, fransuzlaryň formasynda horoz bar, näme üçin horozlanýaň” diýýärmi” diýip sorady.

Erdogan milli ýygynda goldaw bermek üçin ertir oýnaljak Türkiýe-Gollandiýa bäsleşigine stadionda tomaşa etjekdigini aýtdy.

Beýleki tarapdan Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Prezident Erdoganyn ertir Türkiýe wagty boýunça 22.00-da Türkiýe-Gollandiýa bäsleşigini tomaşa etmäge gelmegine hoşallyk bildirdi.

Prezident Erdogan bilen yzgiderli aragatnaşyk saklaýandyklaryny beýan eden Şolz, Erdogan bilen halkara maslahatlarda ýygy-ýygyndan duşuşýandygyna, telefon arkaly söhbetdeşlik geçirýändigine ünsi çekdi.

UEFA-nyň Derňew geňeşi Awstriýadaky bäsleşikde “böri” hereketi sebäpli Meriah Demirala 2 bäsleşige çykmazlyk jezasyny berdi.

UEFA-dan berilen beýannamada sport çärelerinde sporta gelişmeýän hereketler edendigi, futbol sportunyň abraýyna zyýan berendigi we umumy düzgünlere garşy çemeleşendigi sebäpli Merih Demirala iki bäsleşikden mahrum edilme jezasynyň berilendigi mälim edildi.

Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň karara garşylyk görkezmek üçin iş alyp barýandygy öwrenildi.

Karar üýtmese Merih Demiral çärýek finaldaky Gollandiýa we milli ýygyndy turniri geçen halatynda ýarym final bäsleşiginde oýnap bilmez.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmunmy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny