
Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan partiýasynyň Adanada geçirilen mitinginde çykyş etdi.
Türkiyäniň diňe daşary syýasatda sebitleýin güýç däl-de, eýsem global güýç bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Daşary syýasatda abraýymyzyň artmagynyň arkasynda güýçli goranyş pudagy bar.
Goranyş pudagymyzda daşary ýurtlara bolan garaşlylygymyzyň azalmagy bilen daşary syýasatda täsirimiz artdy.Wezipä başlan mahalymyz 80 göterim derejesinde beýleki ýurtlara garaşlydyk.Daşary syýasatda Ýewropadan öwgüli sözler almaga synanyşýan däl, eýsem dik we tutanýerli tutum bilen bütin dünýäde takdyr edilýän bir ýurt ýagdaýyndadyrys" diýip belledi.
Türkiyäniň goranyş senagatynda dessan ýazýandygyny, şu günki gün dünýäniň 34 aýry ýurdunyň gök asmanyny Türk uçarmansyz howa ulaglarynyň we ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň goraýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Uçarmansyz howa ulaglary we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary babatynda dünýäde ilkinji 3 ýurduň biridiris.
Güýçli goranyş senagaty bilen dünýäde söz eýesi boldyk.Geçen birnäçe gün ozal KAAN ilkinji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy.KAAN bilen 5-nji nesil uçar öndürip bilýän dünýädäki 4 ýurduň biri bolduk.
Bütin dünýä KAAN barada gürrüň edýär" diýip habar berdi.
"Türkiyäniň üstünlikleri biziň tutanýerliligimizi artdyrýar we dostlukly ýurtlar üçin görelde bolýar" diýip aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäni ähli ugurlar boýunça güýçlendirmäge, ösdürmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi.