Erdogan TRT-niň Döredilen Gününiň 60 Ýyllygyny Gutlady

Erdogan TRT-niň Döredilen Gününiň 60 Ýyllygyny Gutlady

Prezident Erdogan TRT-nin tejribesini, jogapkärçilikli, bitarap we göreldeli habarçylyk düşünjesi bilen 60 ýyldan bäri raýatlaryň ulanmagyna hödürleýändigini beýan etdi.

Döwrebap, sanly ýaýlym ulgamynyň talap edýän ähli şertlerden ýerlikli peýdalanýan TRT-niň güýçli we netijeli konstruktiw gurluşa eýedigini we ýaýlym pudagynda ýeten sepgidi bilen türk halkyny buýsandyrýandygyny nygtan Prezident Erdogan; “Jemgyýetçilik ýaýlym jogapkärçiligine üns berýän TRT, hyjuwly özbolşylygy we öňbaşçy ýaýlym terjibeleri bilen ýurdumyzyň gymmatlyklaryny, taryhyny, medeniýetini, güýjüni we sesini bütin dünýä ýetirmäge dowam edýär.

harbardan sporta, aýdym-sazdan dokumental filme, çağalardan medeniýete çenli ähli uğurlarda nusgawylygyny dowam etdirýän TRT, ýurdumyzda pudak üçin mektep aýratynlygyna eýedir.TRT-niň üstünlikli işlerini mundan beýläk hem dowam etdirjekdigine ynanýaryn.

Döredilen güni mynasybetli Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasynyň ähli işgärlerini gutlaýaryn” diýdi.

Ýene degişli makalalar

TRT World Forum-2024 Stambulda Geçirler
Uýgur Türkçesi
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Energiýa Ammarlamada Täze Tehnologiýalar
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
EURO 2024 Çempionaty dowam edýär
Elektrik tokda işleýän ulaglar ýollaryň täze eýeleri bolarmy?