Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi

Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi

Prezident Erdogan Stambulda geçirilen "VI Halkara Zenan we Adalat sammitinde" çykyş etdi.

Erdogan Ysraýyl tarapyndan soňky 13 aýda Gazada öldürilen 50 müňden gowrak bigünä adamyň 2/3 böleginiň zenanlardan we çagalardan ybaratdygyna ünsleri çekdi.

Prezident Erdogan: "Gazada bombalaryň aşagynda çagalaryna, maşgalasyna, ýurtlaryna, dawasyna ganatlaryny geren Palestinanyň gahryman zenanlary ymmadyň buýsanç ýadygärligi hökmünde beýgelýärler. Gazada we Liwanda gyrgynçylyk durýança, ýaraşyk baglaşylýança we parahatçylyk ýola goýulýança çenli doganlarymyza eýe çykmaga dowam ederis" diýip habar berdi.

Erdogan: "Hormatly doganym Trampdan prezident wezipesiniň 2-nji döwründe ozalky dolanşygyň ýalňyş syýasatlaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys. Hormatly prezidentiň uruşlary bes etmek babatynda elinden gelenini etjekdigine ynanýarys" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny