Erdogan Şwesiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyny Tassyklady

Erdogan Şwesiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyny Tassyklady

Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabyndan berilen habarnamada; “Şwesiýanyň NATO agzalyk teswirnamasy Prezidentimiz Hormatly R.T.Erdogan tarapyndan 2023-nci ýylyň 23-nci oktýabrynda tassyklanyp, TBMM-niň garamagyna ugradyldy” diýilýär.

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson Prezident Erdoganyň Şwesiýanyň NATO agzalyk teswirnamasynyň Prezident Edogan tarapyndan tassyklanmagyna we Meclisiň garamagyna hödürlenmegine kanagatlanma bildirýäris. İndi Meclisdäki proseduralar başlaýar. NATO agza bolmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem Prezident Erdoganyň Şwesiýanyň agzalyk teswirnamasyna gol çekmegine we TBMM-niň garamagyna ugradylmagyna öz kanagatlanmasyny bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Mattew Miller bolsa; “Bu başlangyca hoşallygymyzy bildirýäris. Bu taslamanyň gysga möhletde TBMM-de selcerilmegine we kabul edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Sammiti Başlady
Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Kurtulmuş Ukrain Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny