Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi

Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň prezidenti Rejep Tayyip Erdoğan, Ankara şäherinde Somaliniň Prezidenti Hasan Şeyh Mahmud bilen duşuşyk geçirdi.

Erdogan we Mahmud, wekilliýetleriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdiler.

Prezident Erdogan şeýle hem Efiopiýanyň premýer ministri Abiý Ahmedi kabul etdi.

Erdogan, myhman premýer ministr Ahmed bilen hem wekiliýetleriň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdi.

Geçirilen duşuşyklardan soň Somaliniň we Efiopiýanyň arasynda Ankara jarnamasyna gol çekildi.

Jarnamada taraplar tapawutly garaýyşlary we jedelli meseleleri terk edip, umumy abadançylyk ugrunda hyzmatdaşlyk etmekde tutanýerli ýagdaýda hereket etmek barada ylalaşandyklaryny mälim etdiler.

Jarnama barada beýanat beren Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun: "Somaliniň we Efiopiýanyň arasynda gol çekilen Ankara jarnamasy, Türkiyäniň Afrika halkarynyň we döwletleriniň ýanynda eýeleýän ygtybarly ornunyň möhüm bir görkezijisidir.

Türkiyäniň araçyllyk etmegi bilen Somaliniň we Efiopiýanyň arasynda gazanylan bu ylalaşygyň, ilki bilen iki dost ýurt bolmak bilen, bütin sebite, materige we dünýämize parahatçylyk, asudalyk we durnuklylyk getirmegini umyt edýäris" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Somaliniň prezidenti Mahmud bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan, Somalili Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiyäniň daşary işler ministri Efiopiýa sapar gurar
Somali-Efiopiýa Gepleşikleri Ankarada Başlaýar
Efiopiýa Bilen Somaliniň Arasynda 2-nji Tapgyr Gepleşikleri Tamamlandy