Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bin Abdülaziz Al Saud bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Yslam dünýäsiniň bu kyn wagtlarda jebisliginiň möhümdigini belläp, Saud Arabystanyny gazaly şehit we ýaraly maşgalalardan ybarat bolan 1000 adamy Haj parzy üçin ýurduna kabul etmek baradaky karary sebäpli gutlady.
Telefon söhbetdeşliginde Erdogan Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bin Abdülaziz Al Saudy we bütin Saud Arabystanynyň halkyny Gurban baýramy bilen gutlady.