Telefon söhbetdeşliginde Ermenistanyň premýer ministri Nikol Paşinýan Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogany Gurban baýramy bilen gutlady.
Prezident Erdogan hem premýer ministri Paşinýany golaýlap gelýän Wardawar-Isanyň özgermegi günleri mynasybetli gutlady.
Erdogan ýakyn wagtda Ermenistanyň demirgazyk sebitlerinde başdan geçirilen sil apatlarynda ýogalan adamlar zerarly Paşinýana gynanç bildirdi.
Telefon söhbetdeşliginde liderleriň ikisem Türkiye bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň deslapky şertler bolmazdan dolulygyna kadalaşmagy bilen bagly syýasy ygtyýarlaryny beýan etdiler.
Iki ýurduň ýörite wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň dowam etmeginiň ähmiýetini belläp geçen Erdogan we Paşinýan, häzirki wagta çenli üstünde ylalaşyk gazanylan ugurlary tassykladylar.
Liderler mundan başgada Türkiyäniň we Ermenistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda dowam edýän diýaloga kanagatlanma bildirdiler we sebitdäki soňky wakalar we halkara derejedäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.