Prezident Erdogan resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Omanyň Soltany Heýsem bin Taryk bilen özara we toparara duşuşyklardan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.
Omanyň Soltany Heýsem bin Taryhy Türkiýede myhman edenine kanagatlanma bildiren Erdogan; “Düýpli taryhy we doganlyk gatnaşyklaryna eýe bolan Oman döwleti bilen gatnaşyklarymyz ähli ugurda ösýär. Hormatly doganym bilen bilelikde gatnaşyklarymyzy ähli ugurlarda hasam ösdürmek isleýäris” diýdi.
Duşuşyklarynda dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň hasam güýçlendirilmegi üçin ediljek başlangyçlary seljerendiklerini gürrüň beren Erdogan; “Gatnaşyklarymyzy konstruktiw häsýetde ösdürmek isleýäris. Şol maksada laýyklykda ýokary derejedeli strategik hyzmatdaşlyk mehanizmi ýaly peýdaly alternatiwler hakynda pikir alyşdyk. Daşary gatnaşyklar, ykdysadyýet, senagat, maýa goýum, saglygy goraýyş, medeniýet, oba-hojalygy we maldarçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek boýunça 10 resminama gol çekildi. Bilelikdäki jarnamany kabul etdik” diýdi.
Prezident Erdogan Liwanda hüjümleriň bes edilmegi üçin gepleşikleriň oňyn netijelenmegine kanagatlanma bildirip; “Ýurdumyzyň Liwanda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin ähli goşandy goşmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtasym gelýär.
Emma Gazada gyssagly, adalatly we durnukly ylalaşyk gazanylmasa, sebitleýin we global asudalygyň bolmajakdygyny hem belläp geçesim gelýär.ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin täze bir başlangyç etjekdiklerini yglan etmegi gijä galanyn hem bolsa möhüm başlangyç.
Gazada asudalygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin bize düşýän jogapkärçilik bar bolsa, biz ony berjaý etmekden çekinmeris” diýdi.