Prezident Erdogan harby dolanşygyň häkimiýetiň başyna geçen Nigerde ýagdaýyň entek çözülmändigini belläp: "Biz häzirki wagtda Daşary işler ministrligimiziň üsti bilen ol ýerdäki esasy rolumyzy nädip ýerine ýetirjekdigimiziň üstünde durup geçýäris, geçeris" diýip belledi.
Prezident Erdogan Wengriýanyň Milli güni bilen bagly dabaralara we Bütindünýä Ýeňil Atletika boýunça çempionatyna gatnaşmak üçin giden Budapeşt şäherinden gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
26-njy iýulda harby agdarlyşygyň bolan Nigerde başdan geçirilýän wakalar bilen baglanşykly: "Nigerde ýagdaý häzirki wagtda entek çözülmedi. Biz häzirki wagtda Daşary işler ministrligimiziň üsti bilen ol ýerdäki esasy rolumyzy nädip ýerine ýetirjekdigimiziň üstünde durup geçýäris, geçeris. Dost we doganlyk ýurt Nigeriň iň gysga wagtda konstitutsion düzgüne, domakratik bir dolanşyga gowuşmagyny umyt edýärin" diýip belledi.
Günbatar Afrika Döwletleriniň Ykdysady jemgyýeti EKOWAKS-yň Nigere garşy harby güýç ulanmak baradaky kararynyň dogry däldigini aýdan Erdogan: "Şol karardan soň Mali we Burkina-Faso Nigere garşy olar ýaly harby güýç ulanmagyň özlerine garşy söweş yglan etmek boljakdygy barada duýduryş berdiler. Nigere garşy garby güýç ulanmak, durnuksyzlygyň Afrikanyň ençeme ýurduna ýaýramagy diýmek bolar" diýip nygtady.
Iň gysga wagtda Nigerde jemgyýetçilik parahatçylygyň we durnuklylygyň ýaňdandan ýola goýulmagyny dilän Erdogan: "Niger halkynyň demokratiýa eýe çykjakdygyna we iň gysga wagtda saýlawlaryň geçiriljekdigine ynanýaryn. Türkiye hökmünde dostlukly we doganlyk ýurt Niger halkynyň ýanynda durmaga dowam ederis" diýip belledi.