Prezident Erdogan paýtagt Ankarada Adalat we ösüş partiýasynyň Merkezinde Adam hukuklary okuw-seminaryna gatnaşyp, çykyş etdi.
Halkara ulgamda uly güýç boşlugynyň bardygyny beýan eden Erdogan, ahlaky we wyždan taýdan uly aşaklamanyň bardygyny nygtady.
Adamzadyň iňňän agyr tejribelerden son guran ulgamynyň ýykylyşyna bilelikde şaýatlyk edýändiklerini gürrüň beren Erdogan; “Gaza meselesi bilen bilelikde global ulgam bankrod boldy. Gaza bütin dünýäde maskalary düşürdi, hakykadyň östündäki perdeleri aýyrdy, onlarça ýyldan bäri bize nusga görkezilýän guramalaryň içiniň nähili boşdugyny aç-açan ýüze çykardy” diýdi.
Prezident Erdogan Ysraýylyň Gaza hüjümleri hakynda “Adaty şertlerde bütin adamzady aýa galdyrmaly bu zulumyň öňünde BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden hiç hili hereket ýok” diýdi.
Günbatar ýurtlarynyň onsuz hem Ysraýylyň genosid syýasatynyň şärigidigini gürrüň beren Erdogan; “Taryh, kimiň nirede durýandygyny bellige alýar. Mundan 85 ýyl ozal Gitleriň Parlamenti Reçstagda eden genosid çykypşyna tolgunmak bilen çapak çalanlar atlaryny utanç bilen ýazdyran bolsalar, döwrebap Gitler Netanýahunyň ýalanlaryna ör tutup çapak çalanlar hem ellerine ýapyşan şol gara tegmili ömür boýy aýyryp bilmezler” diýdi.
Erdogan; “Kim näme diýse diýsin, genosidçileriň bolmaly ýeri mejlisiň münberi däl, eden jenaýatlarynyň hasabatyny berýän kazyýet zallarydyr” diýdi.