Erdogan Mewlid Nebi hepdesi bilen bagly geçirilen çärede çykyş etdi

Erdogan Mewlid Nebi hepdesi bilen bagly geçirilen çärede çykyş etdi

Prezident Erdogan Stambul şäherinde Din işleri guramasy tarapyndan geçirilen Mewlid Nebi hepdesiniň açylyş çäresinde eden çykyşynda, köňül geografiýasyndaky ähli doganlaryna salam ýollaýandygyny, Palestinanyň ýigitlerine, Gazanyň ezilen we gaýgyly çagalaryna ýurdunyň we milletiniň adyndan iň çuňňur söýgüsini ýollaýandygyny beýan etdi.

Erdogan: "Bu manyly gijäniň (Mewlid Kandili gijesi) Gazadaky ezilen adamlar başda bolmak bilen ýer ýüzüniň tapawutly künjeklerinde ölüme, açlyga, zuluma we zalymlyga garşy göreş alyp barýan ähli ejir çekýänleriň azat edilmegine itermegini dileýärin" diýip belledi.

Erdogan musulmanlar tarapyndan bir durmuşa we tutuma eýe bolmagyň kynlaşan, has köp tagalla we göreş alyp barmagyň zerur bolan bir döwürden geçýändiklerini belläp: "Bize mähriban Pygamberimiziň paýhasdan doly sözlerine, ýolumyzy öňkülerinden has köp ýagtylandyrýan ýol görkezijiligine öňkülerden has köp zerurlygymyz bar" diýip nygtady.

Soňky Pygamber hezreti Muhammed Pygamberiň dogulan güni bolan Mewlid Kandili gijesi düýn agşam geçirilipdi.

Sözlükde "dogulan ýeri we wagty" manysyna gelýän Mewlid, Yslam medeniýetinde esasan hem Muhammet Pygamberiň dogulan gününi, şol çäkde geçirilýän dabaralary we ýazylan eserleri aýtmak üçin ulanylýar.

Din işleri guramasy hem şu ýyl Mewlid Nebi hepdesiniň çäginde ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda köp sanda çäre geçirer.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Prezident Erdogan Braziliýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
“Ysraýylyň Hökümeti Gazany Açyk Howa Tussaghanasyna Öwürdi"
“Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berýärin”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny