Resmi sapar bilen Türkiýa gelen KuweýdinEmiri üçin Prezidentiň Kompleksinde “Döwlet Nyşany Ordeniniň Gowşurlyş” dabarasy guraldy.
Dabarada iki ýurduň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmeginden soň Prezident Erdfogan Maşal al-Ahmed al-Jabir as-Sabaha Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Nyşany ordenini gowşurdy.
Prezident Erdogan bilen as-Sabahyň özara we toparara duşuşygynda bolsa iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary giňişleýin ara alynyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklarda diplomatiýa, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, bilim pudaklarynda iki ýurduň etjek hyzmatdaşlygy hakynda durlup geçildi.
Prezident Erdogan Kuweýdin özygtyýarlylygyna, territorial bitewiligine we howpsuzlygyna Türkiýäniň berýän goldawynyň dowam etjekdigini, ähli derejelerdäki gatnaşyklaryň üznüksiz dowam etjekdigini nygtady.
Duşuşykda Ysraýylyň Gazada bigünä palestin halkyna edýan hüjümleri barada-da pikir alyşyldy.
Duşuşyklaryň soňunda iki ýurduň arasynda 6 ylalaşyga gol çekildi.