Erdogan Kahramanmaraşdaky ýer titremäniň ikinji ýylynda ýüzlenme çap etdi

Erdogan Kahramanmaraşdaky ýer titremäniň ikinji ýylynda ýüzlenme çap etdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremäniň ikinji ýyly mynasybetli sosial media hasabyndan ýüzlenme çap etdi.

Prezident Erdogan: "Ählimizi çuňňur sarsdyran, ýüregimizde uly ýaralary açan we milletimiziň ýadynda ýatdan çykmajak yzlary galdyran 2023-nji ýylyň 6-njy fewralyndaky ýer titremäniň 2-nji ýylynda pida bolan 53 537 doganymyzyň her birine Alladan rehnet dileýärin" diýip habar berildi.

Prezident Erdogan: "Ýer titremede şehit bolan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we milletimize ýene-de bir gezek sabyr dileýärin. Ýer titremäniň ilkinji gününden bäri döwlet we millet hökmünde Bir bolarys diýipdik we ýer titremäniň başdan geçirilen sebitden az salymlyk hem bolsa yza çekilmedik.

Mundan soň hem şäherlerimiz doly ýagdaýda aýaga galýança çenli zahmet bilen, maňlaýdaky deri bilen, tutanýerlilik bilen, polat ýaly berk erk bilen gurluşyk we dikeldiş işlerimizi dowam etdireris.Saran ýaralarymyzy nesip bolsa doly gowulaşýança çenli, ähli raýatlarymyz howpsuz we ygtybarly öýlerine gowuşýançalar çenli tutanýerli işlerimizi dowam etdireris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
Türkiyäniň Prezidenti Azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Erdogan: "Terrorsyz Türkiye maksadyna ädim-ädim ýakynlaşýarys" diýdi
Türkiyäniň Prezidenti Müsüriň Daşary işler ministrini kabul etdi
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi