Erdogan: "Judi, Gabarda günde 100 müň barrel önümçilik kuwwaty bolan nebit tapdyk" diýdi

Erdogan: "Judi, Gabarda günde 100 müň barrel önümçilik kuwwaty bolan nebit tapdyk" diýdi

Düýn Konýada çykyş eden Prezident Erdogan, dünýäde gury ýerdäki iň uly 10 açyşyň birini geçen ýyl edendiklerini ýatladyp: "Ýurdumyzyň 5-6 ýyl ozal takmynan 40 müň barrel bolan gündelik nebit önümçilik kuwwaty 2 esse artyş bilen, 80 müň barrele ýetdi.

Indi bolsa size ýene-de bir buşlukly habar bermek isleýärin.Judi, Gabarda günde 100 müň barrel önümçilik kuwwaty bolan nebit tapdyk.Jizrä 20 km alysda ýerleşýän bu nebit ätiýajy örän ýokary hile eýe. Ýeriň 2 müň 600 metr aşagynda tapylan nebiti sebitde açmagy meýilleşdirýän beýleki 100 guýy bilen birlikde 100 müň barrellik önümçilik kuwwatyna ýetirip bileris.

Ilkinji guýydan alan nebitimizi eýýäm häzirden başlap üstünde işlemek maksady bilen nebiti gaýtadan işleýän zawoda ugratmaga başladyk.Gündelik sarp ediş mukdarymyzyň 1/10 bölegine barabar bolan mukdary ýeke özi üpjün etjek bu nebit ätiýajynyň ýurdumyzyň we milletimiziň peýdasyna boljakdygyny pikir edýärin" diýip nygtady.

Şol sebitden ýene-de täze buşlukly habarlara garaşýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Gabardaky guýymyza ekstremist terror guramasynyň hyýanatçylyk bilen şehit eden mugallymymyz Aýbüke Ýalçynyň adyny dakdyk. Şol sebitde ozal tapylan günde 9 müň barrel önümçilik kuwwadyna eýe bolan beýleki bir nebit guýa bolsa partlaýjy madda hünärmeni şehit Esma Çewikiň adyny dakypdyk.

Täze nebit gorumyz bolan şehit Aýbüke Ýalçyn-1 guýymyzyň ýerleşýän sebit nesip bolsa ýurdumyzyň ähli ýerinde öndürilenden has köp nebiti ýeke özi üpjün eder. Şeýlelik bilen häzirki wagtda gündelik 180 müň barrel nebit önümçiligi bilen ýurdumyzyň energiýa garaşsyzlygy ugrunda täze bir ädim etdigimiz bolar.

Indi ätiýaçlarymyzyň umumy gymmady barada gürrüň hem etmeýäris. Ýogsam Gabardaky täze açyşymyzyň gymmady milliardlarça dollara barabardyr.Gara deňizdäki gazymyzyň gymmady bolsa ýüzlerçe milliard dollar diýip aýdylýar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hulusi Akar Galla ylalaşygy barada beýannama berdi
“Mundan Soň Gabar Terror Bilen Däl Eýsem Nebiti Bilen Tanalar”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Antalýalylar Türkiýäniň Ýerli we Milli Ulagyna Uly Gyzyklanma Görkezdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny