Erdogan resmi sapar bilen düýn Türkiýä gelen Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wujij bilen iki ýurduň arasyndaky ylalaşyklara gol çekiş danarasydan soň bilelikdäki metbugat ýygnagyna gatnaşdy.
Erdogan Gündogar Ortaýer deňizinde Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk etme äghtimallygy hakynda durup geçdi.
Erdogan: “Ysraýylyň Prezidenti Ýitzak Herzog bilen gepleşikler geçirdik.Belki Türkiýä sapar gurar.Premýer-ministr Hormatly Benet bu meselä oňyn garaýar.Maksat, oňyn çemeleşmeler bilen netijä ýetmek.
Bu oňyn çemeleşme iki tarapa bähbide esaslanýan bolsa, biz elimizden geleni ederis.Syýasatlar bolup dawa-jenjele goşulmarys.Biz parahatçylyk üçin bar.Nebit parahatçylyk üçin serişde bolýan bolsa, biz ondan peýdalanarys.
Emma parahatçylyga hyzmatda etmejek bolsa her ýurduň özüne degişlidir.Burawlaýyi, seismiki barlag gämilerini ýöne ýere almadyk” diýdi.