Prezident Erdogan Stambulda geçirilýän Global parlament migrasiýa konferensiýasyna wideo ýüzlenme ugratdy.
Häzirki wagtda dünýä derejesinde migrantlaryň sanynyň 275 million adama, ýerlerinden göçürilen bosgunlaryň sanynyň bolsa 85 milliona, bosgunlaryň sanynyň bolsa 30 milliona golaýlandygyny aýdan Erdogan: "Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli bosgunlaryň sany ýene-de 5 million adam köpeldi. Zulumdan, basyşdan, açlykdan gaçyp howpsuz gelejek gurmak hyýallary bilen çykylýan ýolagçylyklar betbagtçylyklar bilen netijelenip bilýär" diýip belledi.
30 müňe golan migrandyň Ortaýer deňizinde ýogalandygyny aýdan Prezident Erdogan, Ýewropa sygynan çaga migrantlaryň ykballarynyň bolsa näme bolup nitejelenendiginiň bilinmeýändigini mälim etdi.
Erdogan: "Her gün diýen ýaly Gresiýanyň Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan zuluma sezewar galan, ýenjilen, hat-da öldürilýän bosgunlaryň dramalaryna şaýat bolýarys" diýip belledi.
Prezident Erdogan: "Migrant we bosgun meselesinde esasy ýüki sesi köp çykan ösen jemgyýetler dälde, krizis sebitlerine goňşy ýurtlar bolan biziň ýurtlarymyz çekýär" diýip nygtady.
Erdogan: "Kabul eden birnäçe ýüz bosguny mahabat hökmünde ulanýanlar, çuňlaşýan ynsanperwer krizisleriň öňünde hiç hili jogapkärçilik çekmeýärler" diýip aýan etdi.
Türkiýäniň soňky 7 ýyl bäri iň köp bosguna ýer eýeçilik edýän ýurtdugyny aýdan Rejep Taýýip Erdogan: "Şol jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge dowam ederis. II Jahan urşundan bäri iň uly ynsanperwer krizisiň başdan geçirilýän şu döwürde hiç kim jogapkärçilikden gaçyp bilmez. Halkara jemgyýet bosgun meselesiniň esasynda duran meseleleri öz üstüne almadygy saýyn bu meseleleriň öňüne geçip bolmaz" diýip belledi.