Erdogan Galla Ylalaşygynyň Dowamyny Ýola Goýjakdyklaryna Ynam Bildirdi

Erdogan Galla Ylalaşygynyň Dowamyny Ýola Goýjakdyklaryna Ynam Bildirdi

Prezident Erdogan Saud Arabystanyna, Katara we Birleşen Arap Emirliklerine hem-de Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna guran saparlaryndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Erdogan Gara deňiz galla başlangyjynyň bes edilmeginiň global azyk nyrhlarynyň ýokarlamagynyň ýany bilen käbir sebitlerde gytçylyga we soň hem göç tolkunyna çenli uzap gidýän birnäçe täsiriniň boljakdygyny beýan etdi.

Onuň öňüni almak üçin Türkiýäniň insiatiwa almakdan çetde durmajakdygyny beýan eden Erdogan; “Hormatly Putin bilen giňişleýin pikir alyşyp, bu gumanitar başlangyjyň dowam etmegini ýola goýjakdygymyza ynanýaryn. Onuň hem günbatar ýurtlaryndan käbir tamasynyň bardygyny bilýäris. Bu meselede-de günbatar ýurtlarynyň işe girişmegi gerek” diýdi.

Diplomatiýanyň ähli gurallaryndan peýdalanjakdyklaryny nygtan Erdogan; “İlki telefon diplomatiýasy, awgust aýynda sapary amala aşan halatynda Putin bilen bu hususlary giňişleýin maslahatlaşarys. Men Gara deňiz galla başlangyjynyň dowamyny üpjün etjekdigimize ynanýaryn” diýdi.

Erdogan Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen gatnaşyklar hakynda bolsa; “Hyzmatdaşlygymyz gelejekde anyk taslamalar bilen güýçlener. Ykdysadyýetimize oňyn goşantlaryny enşalla gysga möhletde göreris. Aýlag ýurtlaryna guran saparymyzyň dowamynda Respublika taryhymyzyň iň uly goranyş we awiasiýa eksporty boýunça şertnama baglaşyldy” diýdi.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna guran saparynda Türkiýäniň Kipr meselesiniň çözülmegi boýunça eýeleýän pozisiýasyny we tekliplerini bütin dünýäniň dykgatyna ýetirendiklerini gürrüň beren Erdogan; “Kipriň türk halkynyň howpsuzlygy, eşretli geljegi we abadançylygy üçin tagallalalaryň ýany bilen adada durnukly we adalatly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin hem diplomatik tagallamyzy dowam etdireris” diýdi.

Geljek hepde Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň we Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň Türkiýä saparlarynyň boljakydygyny beýan eden Erdogan, Ysraýylyň tebigy gazynyň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy hakynda; “Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bilen ilkinji duşuşygymyzy geçireris. Men bu wakanyň Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynda ýygjam gatnaşyklaryň başlangyjy bolmagyny arzuw edýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýüzlerçe adam Netanýahuny protest etmek üçin Tel-Awiwe ýöriş etdi
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär
Ysraýylda Hökümete Garşy Protest Ýörişi Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Ysraýylyň beýanatyny berk ýazgardy