Erdogan Efes-2022 harby türgenleşiginde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Erdogan Efes-2022 harby türgenleşiginde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Erdogan Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabyndaky Doganbeý atyş meýdançasynda geçirilýän Efes-2022 harby türgenleşiginiň Tapawutly synçy gününiň çäginde söz sözledi.

Prezident Erdogan: "Serhetlerimizi 30 km çuňlukda bir howpsuzlyk liniýasy bilen howpsuzlyk astyna almak bilen bagly tutanýerliligimizi ädimme-ädim durmuşa geçirýäris" diýip habar berdi.

Erdogan: "Ýurdumyzyň serhediniň düýbünde terror koridorynyň gurulmagyna rugsat bermeris, şol sebäpli howpsuzlyk liniýamyzyň galan bölegini hem çürt-kesik tamamlarys" diýip mälim etdi.

Prezident Erdogan: "Gresiýa harby statusynda bolmadyk adalary ýaraglandyramkdan ýüz öwürmäge, halkara ylalaşyklara laýyklykda hereket etmäge çagyrýarys" diýip belläp: "Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakis adalara syýahatçylyk maksatly harby güýç getirýän ýaly.

Onuň bilen bir netijä gelmek mümkin däl.Türkiýe hiç kimiň hakyna, hukugyna äsgermezçilik etmez, emma öz hakyna we hukugyna hem äsgermezçilik etdirmez.Gresiýa edil 1 asyr ozal bolşy ýaly puşmanlyk bilen netijelenjek arzuw-hyýallardan we aksiýalardan uzak durmagy, özüne gelmegi barada duýduryş berýäris.

Türkiýe Egeý deňizinde hukuklaryndan ýüz öwürmeýşi ýaly, adalaryň ýaraglandyrylmagy babatyndaky halkara hukukdan gözbaş alýan ygtyýaryny ulanmakdan hem çekinmez" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türki dünýäniň ýatdan çykmajak gahrymanlaryndan biri bolan Yrak türkmenlerinden Neždet Koçak
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara
СОСТОЯЛАСЬ ТОРЖЕСТВЕННАЯ ЦЕРЕМОНИЯ ИНАУГУРАЦИИ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА
Kalyn: "Türkiýe iki ýurdyň liderini duşuşdyrmaga taýar" diýdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi