Erdogan daşary ýurtly ilçileriň ynanç hatlaryny kabul etdi

Prezident Erdogan ilki bilen Filippinleriň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maria Elena Palo Algabreni kabul etdi.

Prezidentiň kompleksinde geçen kabul edilşikde Filippinleriň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Maria Elena Palo Algabre Prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy.

Algabreniň ilçihananyň käbir işgärlerini Prezident Erdogan bilen tanyşdyranyndan soň ýadygärlik surata düşüldi.

Prezident Erdogan ondan soň bolsa Boliwiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Edgar Adolfo Sehas Werany kabul etdi.

Kabul edilşikde Boliwiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Edgar Adolfo Sehas Wera Prezident Erdogana ynanç hatyny gowşurdy.

Prezident Erdogan soň bolsa Täjigistanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aşrafjon Şeraliýewiç Gulowy kabul etdi.

Gulowyň ýany bilen gelen maşgalasyny we ilçihananyň käbir işgärlerini Prezident Erdogan bilen tanyşdyranyndan soň ýadygärlik surata düşüldi.

Ýene degişli makalalar

“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi
Alen Delon aradan çykdy
Meşhur fransuz aktýor Alen Delon aradan çykdy
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
PKK-nyň Belgiýadaky meçew beriji hereketlerine türk raýatlar nägilelik bildirdi