Erdogan Braziliýada Özara Duşuşyklar Geçirýär

G-20-niň liderler sammitine gatnaşmak üçin Braziliýa giden Prezident R. T Erdogan saparynyň çäginde özara duşuşyklar geçirýär.

Prezident Erdogan iş saparynyň çäginde Meksikanyň, Indoneziýanyň, Günorta Koreýanyň lideri bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albenezäni hem kabul etdi.

Kabul edilşikde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meselesi seljerildi.

Prezident Erdogan, Ysraýylyň Palestinada we Liwanda edýän gyrgynçylygynyň diňe sebit däl eýsem tutuş dünýä üçin howplydygyny, Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmeginiň sebitiň we dünýäniň parahatçylygyna goşant goşjakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Siriýada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Prezident Erdogan Pakistanda Saparda Boldy
Prezident Erdogan Malaýziýa Gitdi
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Eýranda Saparda Boldy
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
“Ysraýylyň Hökümeti Gazany Açyk Howa Tussaghanasyna Öwürdi"