
Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinadaky sil betbagtçylygy hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda; “18 adamyň heläk bolan, 40 adamyň gözleg işiniň dowam edýän Ýablanisa we Koýis şäherleri bilen Foýnisa etraplaryna gyssagly ýaşaýyş we azyk kömegini sebite ugradýarys” diýip, ýazdy.
Erdogan habarnamasynda; “Birinji tapgyrda 96 generator, 60 konteýner, 168 düşek, 84 aşgana komplekti, 1050 ýorgan, 1130 azyk gutusy, 2 tonna unb, 10 sany suw nassosy, 2 sany suw ýüzgüji, gigiýena komplekti, kondisioner, sowadyjy we agyz suwy bilen şu agyr günlerinde doganlarymyza goldaw berýäris.
Silde ýitgi çeken bosniýaly doganlarymyza geçdigi bolsun dileklerimi beýan edýärin” diýip, sil betwbagtçylygy bilen fotosuratlara hem orun berdi.