Erdogan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Gurluşynyň Dolulygyna Özgerdilmelidigini Beýan Etdi

Erdogan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Gurluşynyň Dolulygyna Özgerdilmelidigini Beýan Etdi

Prezident Erdogan habarnamasynda; “Hormatly Baş sekretar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde bar bolan şertlerine laýyk we adalatly özgertme edilmegi hakyndaky garaýyşyňyzy içginlik we batyrgaýlyk bilen beýan etmegiňiz, dünýäniň gaýtadan adalatly ulgama eýe bolmagy taýdan iňňän möhümdir” diýip ýazdy.

Afrika materiginiň we ähli afrikalylaryň hem şol adalatly ulgama goşant goşmagyna hökmany suratda şert döredilmelidigini beýan eden Erdogan; “Dünýämizde uruşlar daşymyzy doly gurşamanka, ejir çekýän adamlar we halklar artmazdan, bigünä adamlaryň gany mundan artyk dökülmänkä global parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etme borjuny berjaý etmekde daşda durýan BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gurluşy dolulygyna üýtgedilmeli.

Adamzadyň bizden tamasy hem şol.Biz şol tamany ödemek üçin “Dünýä 5-den uludyr” diýmäge, “Dünýä hasam adalatly bolup biler” düşünjesi bilen hereket etmäge dowam ederis.Türkiýe adalatly halkara ulgamyň we döwrüň şetlerine laýyk işleýän BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň döredilmegi üçin tagalla edýän ähli dostlarymyzy goldamaga dowam ederis” diýip ýazdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Afrikanyň geňeşdäki wekilçiligi hakynda beýanat berip, Geňeşde Afrikanyň wekilçilik etmegi üçin gyssagly özgertme edilmeginiň zerurdygyny nygtapdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Siriýa meselesinde Asudalyk Üçin Çagyryş Etdi
Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
BMG-niň Baş sekretary ösüp barýan ýurtlara syýasatda ýeterlik ses berilmeýändigini aýtdy
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 286 dalaşgär hödürlendi
Türkmenistan we BMG köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny