Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Dagystan sebitinde guralan terrorçylykly hüjüm hakynda pikir alyşdy.
Türkiýäniň terrora garşydygyny nygtan Prezident Erdogan, hüjümi berk ýazgarýandyklaryny aýtdy.
Prezident Erdogan hüjümde ýogalanlar üçin rus halkyna gynanç bildirdi we ýaralananlar üçin gyssagly şypa diledi.
Prezident Erdogan, Türkiýäniň sebitdäki ähli çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini belledi.