Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Makron telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam edýändigini aýtdy.

Erdogan mundan başgada palestinalylaryň Müsür we Iordaniýa ýaly başga bir ýurda göçürilmegi baradaky meýilnamanyň kabul edilmejekdigini belledi.

Prezident Erdogan bilen Fransiýanyň Prezidenti Makron NATO agza iki hyzmatdaş ýurt hökmünde halkara meseleler boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Fransiýanyň Premýer-ministri Attal Wezipesinden Çekildi
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Pezeşkian Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar