Erdogan Al Sani bilen duşuşdy

Erdogan Al Sani bilen duşuşdy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sanini Prezidentiň kompleksinde kabul etdi.

Liderleriň duşuşygynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry, Ýakyn gündogardaky hadysalar bolar. Basyp alyjy Ysraýylyň Palestina we Liwana garşy hüjümleri bilen Tähran-Tel-Awiw liniýasynda artan dartgynlyk maslahatlaşylar.

Genosid jenaýatçysy Netanýahunyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümediň ýaraşyga mejbur edilmegi we palestinalylara ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi üçin ediljek umumy ädimler ele alynar.

Erdogan-Al Sani duşuşygynda Türkiye bilen Kataryň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşylar.

Geçen ýyl 1,3 milliard dollar derejesinde bolan ikitaraplaýyn söwda mukdarynyň has hem ösdürilmegi we ikitaraplaýyn maýa goýumlaryň artdyrylmagy üçin pikir alyşlar.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan: "Netanýahu ABŞ-ny zamun aldy" diýdi
Ýakyn Gündogar Dartgynly Bolmagynda Galýar
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Türkiye Ysraýylyň beýanatyny berk ýazgardy