![Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n](https://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/324a/a12b/e340/67878c4944e19.jpg?time=1739188512)
Prezident Erdogan: “Sionist lobbiniň gysyşy bilen täze Amerikan hökümertiniň Gaza meselesinde gün-tertibine getiren teklipleriniň biziň üçin ähmiýetli tarapy ýok” diýdi.
471 günläp Ysraýylyň ähli diýdimzorlugyna, wagşylygyna we hüjümlerine garamazdan ýurduny terk etmedik Gazanyň halkynyň Gazada galmaga, ýaşamaga we eýe çykmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Haýsy gaba goýulanda-da Gazany gazalylardan aýyrmagy nazarda tutýan ähli meýilnamanyň hakykatyň öňünde ýok boljakdygyny beýan eden Erdogan: “Sebitde parahatçylyk, asudalyk we galkynyş islenýän bolsa, onuň ýoly oda benzin dökmekden däl, palestinalylara hukuklaryny bermekden geçýär” diýdi.
Prezident Erdogan: “Sionist lobbinin gysyşy bilen täze Amerikan hökümetiniň Gaza meselesinde gün-tertibine getiren teklipleriniň biziň üçin hiç hili ähmiýetli tarapy ýok. Gazalylary müňlerçe ýyllyk gadymy we müdimi watanlaryndan çykarmaga hiç kimiň güýji ýetmez. Gazasy, Günbatar Şeriasy, Gündogar Iýerusalimi bilen Palestina palestinlileriňkidir” diýdi.