Erdogan ABŞ-da Saparda Bolar

Erdogan ABŞ-da Saparda Bolar

24-nji sentýabrda BMG-niň münberinden 14-nji gezek çykyş etjek Erdogan, ýene-de bir gezek global ulgamyň adalatsyzlygyny nygtar we BMG-niň ulgamynyň üýtgedilmelidigini beýan eder.

Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda ýokary diplomatik işleriniň çäginde dünýä liderleri bilen özara duşuşyklar geçirer.

Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklar bilen bilelikde sebitleýin we global mesleler seljeriler.

Duşuşyklar BMG-niň ştab kwartirasynyň ýanyndaky Türk öýünde geçiriler.

Prezident Erdoganyň ABŞ-na saparynyň çäginde işewür dünýäniň wekilleri bilen hem duşuşmagyna garaşylýar. Uly firmalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen Türkiýede maýa goýum şertleri we özara söwda gatnaşyklarynyň artdyrylmagy hakynda pikir alyşylar.

Soňky döwürde Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynda gazanylan ösüş depgini bilen bilelkde 100 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetme maksady hem gün-tertibinde bolar.

Ýene degişli makalalar

Erdogan 21-26-nji Sentýabr Aralygynda ABŞ-da Saparda Bolar
Türkiyäniň prezidenti BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder
Prezident Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynda çykyş eder
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Putin Ukraina Bilen Gepleşiklerde Stambul Ylalaşygynyň Esas Bolmalydygyny Aýtdy
Sisiniň Ankara Sapary