Prezident Rejep Taýýip Erdogan 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 108-nji ýyly mynasybetli ýüzlenme çap etdi.
Gutlag ýüzlenmesinde: "108 ýyl ozal imperialistlere garşy Anadolydaky türk barlygyny goramak we müň ýyllyk türk topraklaryny goramak üçin alyp baran göreşleri bilen milletimizi Çanakgala ýeňişine ýetiren ähli gahrymanlarymyzy we eziz şehitlerimizi rehnet, hormat bilen hatyralap geçýäris" diýip aýdan Prezident Erdogan, Dardanel ýeňişiniň, türk milletiniň garaşsyzlygyndan asla ýüz öwürmejekdigini bütin dünýä ýene-de bir gezek yglan edendigini we taryhy gahrymançylykly dessan ýazandygyny beýan etdi.
Prezident Erdogan: "Anadolynyň çar tarapyndan gelip, bütin dünýä garşy Çanakgalada alynyp barylýan köpçülikleýin döreşde ata-babalarymyz milletimiziň kyn günlerde nähili jebisdigini görkezipdirler, şehitleriň gany bilen suwlanan topragymyza duşmanyň gadam basmagyna rugsat bermedi. Şu günki gün biz hem ýurdumyz we milletimiz üçin Dardanel ýeňişinde orta goýan ruh we ygtyýar bilen zähmet çekýäris, her dürli kynçylygy jebislik we agzybirlik bilen hötdesinden gelip biljekdigimiz ynanjy bilen göreşimizi dowam etdirýäris.
Beýik gahrymançylyk bilen, batyrgaýlyk bilen ýazylan şöhratly taryhymyza eýe çykyp, Çanakgala ruhuny janly we diri saklamakdan asla ýüz öwürmeris.Bize bu watany amanat goýup giden şehitlerimiz, şikes ýetenlerimize minnetdarlygymyzy bildirmek üçin, watanymyz we baýdagymyz ugrunda düýn bolşy ýaly, şu günki gün we ertirki gün hem göreşimizden asla dänmeris. Şol pikirler bilen Dardanel Deňiz ýeňişiniň 108-nji ýylyny gutlaýaryn, 18-nji mart Şehitler gününde bu topraklary bize amanat goýup giden ähli şehitlerimizi we Gazy Mustafa Kemal başda bolmak bilen ähli gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralap geçýärin. Ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun" diýip belledi.