Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan sosial media hasabyndan beren beýanatynda güzeranyny kapitan bolup gören zähmetkeş bir kakanyň ogludygyny ýatlatdy.

Ýaşlyk ýyllarynda Stambulda işgär bolup zähmet çekendigini aýdan Prezident Erdogan: "Zähmet çekmegiň, der dökmegiň, dostlaryň bilen bir döwüm çöregi paýlaşmagyň şatlygyny örän gowy bilýärin. Ýurdumyza syýasat arkaly hyzmat etmek göreşimizde şol köklerimizi we nireden gelendigimizi hiç wagt ýatdan çykarmadyk.

Hemişe siziň hakyňyzy bermäge çalyşdyk.Ençeme ýyllap hyýanatçylykly peýdalanylan 1-nji maýy siz üçin dynç alyş güni hökmünde yglan etdik, sözüň doly manysynda Zähmetkeşleriň baýramyna öwürdik" diýip habar berdi.

Guramaçylyk, kärdeşler arkalaşyklarynyň haklary, aýlyklar bilen birlikde işgärleriň saglygy we howpsuzlygy ugrunda möhüm işler amala aşyrandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Näme eden bolsak bilelikde amala aşyrdyk, bilelikde başymyzdan geçirdik, egin-egine durup kynçylyklaryň hötdesinden geldik. Nesip bolsa Türkiye Asyryny siz bilen bilelikde gurarys" diýip mälim etdi.

Prezident Erdogan ähli işgärleri 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk güni bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
Türkiyäniň Prezidenti Azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Erdogan Kahramanmaraşdaky ýer titremäniň ikinji ýylynda ýüzlenme çap etdi
Türkiyäniň Prezidenti Müsüriň Daşary işler ministrini kabul etdi
Erdogan: "Terrorsyz Türkiye maksadyna ädim-ädim ýakynlaşýarys" diýdi
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Ukrainanyň Prezidenti Ankara geldi