Eplenýän ekranly kompýuter

“Samsung” kompaniýasynyň “Galaxy Z” eplenýän ekranly smartfonlary oňyn netije berensoň, bu tehnologiýanyň kompýuterlerden hem ulanmagy meýilleşdirýär.Kompaniýa ýakyn geljekde eplenýän ekranly noutbuklary çykarmagy meýilleşdirýär.Mundan ozal Taiwanyň “Asus” kompaniýasy “ZenBook 17 Fold” atly kiçi göwrümli ýan kompýuterini satuwa çykarypdy. 3 müň 500 dollarlyk bu kompýuterden bary-ýogy 10 müň sanysynyň öndürilendigi mälim edildi.

HP kompaniýasy bolsa, ýakyn günlerde eplenýän ekranly kompýuteri satuwa çykarar.Bu kompaniýanyň eplenýän kompýuterleriniň hem az sanlysy öndüriler.Agzalýan iki kompaniýa hem bu enjamlarynyň ekranlaryny LG we BOE ýaly beýleki üpjün edijilerden satyn aldy. “Samsung”-yň bolsa, eplenýän ekranlaryny öz desgalarynda öndürjekdigi mälim edilýär. Şeýle bolansoň, koreý brendiniň eplenýän kompýuterleriniň bahasy has arzan bolmagyna garaşylýar. “Samsung”-yň kompýuteri eplenende 13,3, açylanda 17,3 dýuým ekranly bolar.

“Samsung” kompaniýasy smartfondan başga-da ekran önümçiliginde hem öňdeligi eýeläp, hatda öz bäsdeşlerini hem ekran bilen üpjün edýär. Geljek ýyl kompaniýa 8,5 million OLED ekran öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa tamamlanyp barýan ýylda 6 million töweregi ekran öndüripdir.

Nowruz Rejepow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby

Ýene degişli makalalar

“CES 2019”: geljegiň tehnologiýasynyň duşuşýan ýeri
Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Kompýuter satuwy rekord derejede ýokarlandy
Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy
Acer, Asus, Lenovo we MSI kompaniýalaryna gadaganlyk howp salýar