Britaniýaly boksçy Entoni Joşua öz watandaşy, Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wersiýasyna görä, dünýä çempiony Taýson Fýuriniň söweşmek baradaky çagyryşyny kabul etdi diýip, “Daily Mail” habar berýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.
Super agyr agramda çykyş edýän türgenleriň söweşiniň 3-nji dekabrda bolmagyna garaşylýar we onuň geçirilmegi baradaky şertnama ýakyn wagtda gol çekiler.Fýuri bilen Joşua 2021-nji ýylda söweşmegi meýilleşdiripdiler. Ýöne arbitraž komissiýasy Fýuri Joşua bilen däl-de, amerikaly Deonteý Uaýlder bilen duşuşmaly diýen netijä geldi.
Netijede, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Fýuri Uaýlder bilen söweşdi we garşydaşyny 11-nji raundda nokauta gidirip, tituly gorady. 2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde Fýuri britaniýaly Dillian Uaýty altynjy raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, ýene-de tituly gorady.
Häzirki wagtda 34 ýaşly Fýuri ýeňilmezek professional boksçy adyny götermegi dowam etdirýär.Ol bir deňme-deňlik bilen 32 söweşde ýeňiş gazandy (23-üsi nokaut bilen). 32 ýaşly Joşua bolsa 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen ukrainaly Aleksandr Usikden ýeňildi we WBA Super, WBO, IBF we IBO-nyň wersiýalary boýunça çempion guşaklaryny ýitirdi. Şu ýylyň 20-nji awgustynda Joşua emin agzalarynyň tapawutly karary bilen rewanş söweşinde Usikden ýeňildi.