Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda ýokary derejedäki hepdelik wagtynda C5+1 formatdaky duşuşygy, ýagny ABŞ-yň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirildi.
Duşuşygy 22-nji sentýabrda, penşenbe güni geçirmek bellenildi, şondan soň topar bilelikdäki beýannamany çap eder.Bu barada ABŞ-nyň Halkara guramalaryň işi boýunça döwlet sekretarynyň kömekçisi Mişel Sison Entoni Blinkeniň BMG-niň BA-nyň ýokary derejedäki hepdeliginde çykyş etjekdigi hakyndaky brifingde aýtdy. 20-nji sentýabrda, sişenbe güni BMG-da guramanyň 77-nji Baş Assambleýasynyň umumy ara alnyp maslahatlaşmalary başlanar. Ýokary derejedäki hepdelik - Birleşen Milletler Guramasynda ýylyň iň garaşylýan wakasy bolup, Nýu-Ýorkda dünýä ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlary duşuşýarlar.
Soňky iki ýylyň dowamynda pandemiýa sebäpli ştab-kwartiranyň dälizleri boşap galypdy, öňünden ýazgy edilen çykyşlar bolsa uly ekranlarda ýaýlyma goýberilýärdi.ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda täze formatdaky dialogy goýbermek hakyndaky karar BMG-niň 2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçen Baş Assambleýasynyň dowamynda kabul edilipdi.
C5+1-iň ilkinji duşuşygy 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Samarkantda ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Jon Kerriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary wagtynda geçipdi.