ABŞ-nyň Arkanzas ştatynda alym-entomolog dükanda tötänden gadymy mör-möjegiň üstünden bardy diýip, USA Today neşirine salgylanýan Rambler.ru ýazýar.
Pensilwaniýanyň döwlet uniwersitetiniň deňeşdirme entomologik laboratoriýasynyň direktory Maýkl Skwarla süýt almak üçin dükana gelende, diwarda iri mör-möjegi gördi, ol ýurduň bu böleginde giňden ýaýran garynja ýolbarsyna meňzeýärdi. Alym ony tutup öýüne getirip, toplumynda ýerleşdirdi, emma soň on ýyllap ony ýatdan çykardy.
Diňe 2020-nji ýylda Skwarla görnüşleriň ewolýusiýasy we köpgörnüşliligi barada onlaýn-sapakda gerek bolanda, tapyndyny ýadyna saldy. Alym içgin öwrenende, onuň garynja şiri däl-de, äpet altyngözlüje atly gadymy mör-möjekdigini anyklady. Bu mör-möjek ylymda baryp dinozawrlar döwründe ýaşan diýlip hasaplanýar. Ol elli ýyl mundan öň ýitip ýok bolupdyr.
Häzir tapyndyny ylmy taýdan öwrenýärler. Alymlar şäheriň etegindäki tokaýlyklardan başga-da gadymy görnüşleriň tapyljakdygyny çaklaýarlar.