Enjamlaryň we aksessuarlaryň internet-dükany Mobile tm zarýad beriji enjamlary we akkumulýatorlary hödürleýär

Enjamlaryň we aksessuarlaryň internet-dükany Mobile tm zarýad beriji enjamlary we akkumulýatorlary hödürleýär

Mobile tm ykjam telefonlaryň we goşmaça enjamlaryň onlaýn-dükanynda smartfonlar hem-de planşetler üçin akkumulýatorlaryň we zarýad beriji enjamlaryň baý görnüşleri hödürlenýär.

Dükanyň internet-sahypalaryndaky Akkumulýatorlar bölüminde her bir adam öz enjamy üçin Xiaomi, Candy, Apple, Moxom ýaly öndürijileriň dürli modifikasiýaly we kuwwatlykly power-banklary saýlap biler. Power-banklar syýahatda ýa-da işde, haçan-da ykjam enjamyňyza gyssagly zarýad bermeli bolan ýagdaýyňyzda, tok çeşmesiniň welin elýeterli däl pursatlarynda örän amatlydyr.

Mundan başga-da, Mobile tm dükanynda ykjam telefonlar bilen bir hatarda, radiotelefonlar üçin hem akkumulýatorlary, şeýle hem dürli enjamlar üçin akkumulýator arkaly zarýad alýan batareýleri amatly bahalardan satyn alyp bilersiňiz.

Saýtda bellige alnanyňyzdan soňra söwdany resmileşdirip bilersiňiz. Dükan harydy Aşgabat boýunça hem-de welaýatlara eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. 5000 manatdan başlanýan sargytlar edilende, eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar, ondan pes nyrhlar üçin eltip bermegiň tölegi bellenen nokada görä kesgitlenýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tecno Mobile brendi Spark 10 smartfonlarynyň täzelenen tapgyryny tanyşdyrdy
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
Malaýziýanyň motosikletli ekspedisiýasynyň sürüjileri Türkmenistana geldiler, TDU-da taýýarlygyň durmuş işi ugry açylar, Türkmenistan Döwlet muzeýinde deri önümleriniň sergisi açyldy we beýleki habarlar
Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy