“Eni Turkmenistan Limited” (ETL) Aşgabatda 25-27-nji oktýabrda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023” atly XXVIII Halkara maslahatynyň we sergisiniň bürünç hyzmatdaşy boldy.
“Eni Turkmenistan Limited” (ETL) kompaniýasy nebit we gaz ýataklaryny gözlemekden, gazyp almakdan elektroenergiýa we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini bilelikde işlemäge çenli hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän global energetika kompaniýasydyr.
“ETL” kompaniýasy 2009-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Nebit-Dag çäginde önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşygyň operatory bolup durýar. Bu ýerdäki nebit gorlarynyň möçberi 19,5 million tonnadan (142 million barrelden gowrak) gowrak bolup, gymmatly çig maly gazyp almak boýunça 2,4 milliard ABŞ dollary möçberde maýa goýuldy.
2024-nji ýylda “ETL” 80 million ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň alyp barýan işi zähmeti, senagat we daşky gurşawy goramak babatda iň ýokary ülňülere laýyk gelýär.
Kompaniýa şeýle hem Türkmenistanda alyp barýan işlerinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen “Uglerod bitaraplygy” atly uzakmöhletleýin maksatnamany hem durmuşa geçirýär. “ETL” işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda işjeň iş alyp baryp, ýerli hünärmenlere möhüm orun berýär. “Eni Turkmenistan” kompaniýasynyň 900 töweregi işgäriniň 95 göterimden gowragy ýerli hünärmenlerdir.
Kompaniýa şeýle hem türkmen hünärmenleriniň okadylmagyny hem üpjün edýär we her ýyl türkmen talyplarynyň birnäçesiniň Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna şert döredýär.
“OGT 2023” halkara forumyna 700-den gowrak, şol sanda iri energetika kompaniýalarynyň we guramalarynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşjakdygy tassyklandy. Şolaryň hatarynda “SOCAR” kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf, “Daewoo E&C” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Min Manjun, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahman Esedullaýew, “BASF Middle East Chemicals LLC” kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bazarlary boýunça tehniki menejeri Aşraf Abu Farisa, “XP Upgreen” kompaniýasynyň direktory Barta Boteriks, “Mitro International Limited” kompaniýasynyň baş tehniki geňeşçisi Igor Şewçenko we başga-da birnäçe halkara guramalarynyň hem-de energetika kompaniýalarynyň wekilleri çykyş ederler.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) atly halkara maslahaty we sergisi “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Söwda-senagat edarasy, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşykda, “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardamy bilen guralýar.
Çäre barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.