Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi

Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi

21-nji asyrda täze açyşlar bilen birlikde Ortaýer deňziniň basseýni dünýäde uglewodorod çeşmesi potensialy iň ýokary sebitleriň arasynda hasaplanýar.

Esasan hem Gündogar Ortaýer deňizinde yzly-yzyna amala aşyrylan täze açyşlar şol çemeleşmäni goldaýar.

Ortaýer deňziniň basseýninde haýsy ýurdyň näçe ätiýajy bar?

Alžirde 12,2 milliard barrel nebit we 4,3 trillion kub metr tebigy gaz gorlary bar.

Liwiýada subut edilen 48,4 milliard barrel çig nebit we 170 trillion kub metr tebigy gaz gorlary bar.

Marokkanyň suw giňişliginde 1,4 trillion kub metr tebigy gazyň bardygy çak edilýär.

Müsürde 3,3 milliard barrel nebit we 1,7 trillion kub metr tebigy gaz gorlary bar.

Tunisde 65 milliard kub metr tebigy gaz we 425 million barrel nebit gorlary bar.

Kipr adasy bilen Ysraýylyň arasyndaky sebitde 176 milliard kub metr tebigy gazyň bardygy çak edilýär.

Siriýanyň umumy nebit gorlarynyň 2,5 milliard barrele barabardygy, tebigy gaz gorlarynyň 240 milliard kub metr derejesindedigi aýdylýar.

ABŞ Geologiýa gözleginiň maglumatlaryna görä, Gündogar Ortaýer deňzinde umumy bahasy takmynan 1,5 trillion dollar bolan 30 milliard barrele barabar uglewodorod ýataklary bar. Olaryň aglaba bölegi tebigy gazdan ybarat.

Ortaýer deňziniň basseýnindäki ýurtlar bilen birlikde halkara aktýorlaryň sebitdäki gözleg we seýsmiki işleri bolsa Gündogar Ortaýer deňzinde energiýa deňlemesinde täze deňagramlylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Kipriň Grek böleginiň dolanşygy 2007-nji ýylda Kipr adasynyň töwereginde bir taraplaýyn häsýetde aýratyn ykdysady zolak hökmünde yglan etdi. Ondan soň 13 tapawutly zolakda gözleg işleriniň geçiriljekdigini habar berdi. Müsür we Gresiýa bilen şertnamalara gol çekdi.

Ankara Kipriň Grek böleginiň bu çemeleşmesine berk reaksiýa bildirdi. Ilki bilen köp sanda NOTAM yglan edildi, ondan soň harby gämiler sebite gönükdirildi. Şol tapgyrda Mawy Watan doktrinasy kabul edildi.

Şeýle hem, Ankara Liwiýa bilen deňiz ýurisdiksiýasy şertnamasyna gol çekdi.

Bu etapda Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Kipriň grek tarapyny tutdy. Gündogar Ortaýer deňziniň üsti bilen Türkiyeden aýlanyp Ýewropa geçirilmegi meýilleşdirilen “EastMed” taslamasy yglan edildi.

Taslama Gündogar Ortaýer deňzinden çykaryljak tebigy gazyň Gresiýanyň üsti bilen Italiýa daşalmagyny göz öňünde tutýardy.

Emma çykdajyly bolmagy sebäpli ABŞ berýän goldawyndan ýüz öwürdi.

Uglewodorod çeşmelerinden başga-da, Siriýadaky raýat urşy we Palestina-Ysraýyl meselesi Gündogar Ortaýer deňzini halkara aktýorlary üçin güýç göreş meýdanyna öwürýär.

Dünýäniň ençeme ýurdunyň Gündogar Ortaýer deňziniň halkara suwlarynda harby güýçleri bar.

Ysraýylyň hüjümleri energiýa ugruny üýtegtdimi?

Gazadaky uruşyň Gündogar Ortaýer deňizindäki energiýa syýasatlarynda-da uly öwrülşiklere sebäp bolmagyna garaşylýar.

Emma ähli bolup geçýän hadysalara garamazdan Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mejbur bolmagy, Gündogar Ortaýer deňizi Türkiyäni startegik taýdan möhüm ýurda öwürýär.

MAHMUT GÜRER / TRT Habar kanalynyň redaktory.

Ýene degişli makalalar

Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Maltada Saparda Bolýar
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi
Prezident Erdogan, Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary